ÖZ MILLI KIMLIGIÑI, ASLYÑY, ENE DILIÑI  SAKLAMAK WE ÖSDÜRMEK UGRUNDAKY GÖREŞ – IÑ MUKADDES GÖREŞDIR!

 

Dogduk toprakdan üzñe ıa-da ykbalyñ keç oıny bilen ıat döwletleriñ çäklerinde galan halklara we toplumlara milli azlyklar diıilıär. Biz türkmenler daşary ıurtlardaky milli azlyklaryñ arasynda-da adam sany iñ az milli azlyklardan! Bu biziñ dogduk toprakdan alysda öz milli medeniıetimizi, ene dilimizi, milli kimligimizi gorap saklamak we ösdürmek ugrundaky göreşimizi has-da ıitileşdirıär. Beıleki milli azlyklaryñ müñlerçe bolup bitirıän işini biz 10-20, añry gitse 100 adam bolup bitirmeli bolıarys. Biziñ bu agyr hakykatdan gaçyp gitjek ıerimiz ıok! Şonuñ üçinem diñe agzybir hem gaıratly hereket etmek galıar. Eger şeıle etsek, onda biziñ käbir örän zerir medeni ıeñişleri gazanjaklygymyza şübhe bolup bilmez!

Biz sizi bu göreşden çetde durmazlyga çagyrıarys! Düınki gün milli özbaşdaklyk, dogduk topragy goramak ugrundaky agyr söweşlerde her biri on esgere taı gelen ata-babalarymyzyñ söweş gaıratyny, tejribesini bu günki gün biz öz milli kimligiñi saklamak we ösdürmek ugrunda barıan parahat göreşde ulanmaly! Bu göreşde, goı, her türkmeniñ gaıraty on kişiniñkä taı gelsin!

Öz milli kimligiñi, aslyñy, ene diliñi saklamak we ösdürmek ugrundaky göreş – iñ mukaddes göreşdir! Biz size bu göreşde nesillere ıadygärlik galjak ıeñişleri, üstünlikleri arzuw edıäris! Ata-babalarymyzyñ at-abraıy, gaıraty – bize görelde. Goı, biziñ gaıratymyz, eden işlerimiz, ıeñişlerimiz, gazanan at-abraıymyz bizden soñkulara görelde hem ıagygärlik galsyn!

A.Welsapar, ıazyjy