|
Ak Welsapar |
|
ÄHTIMALLYK TEORIİASY Hekaıa |
|
Mämmede öñki klasdaşlarynyñ ählisiniñ başyny jemlemek başartmady. Ählisi nirede, ıarysyny jemläniñde oñmazmyñ diısene? Her näçe azap etse-de, öıme-öı aılansa-da, ozalky klasdaşlarynyñ diñe käbirini yrmak oña başartdy. Ozalky klasdaşlarynyñ köpüsi, görüp otursa, indi diñe öz hojalyklary bilen gümra, gürleñgüjüge dönüpdirler, daşarky dünıä bilen işleri ıok. İogsa, olar bilen görüşmek üçin Mämmet bazar günlerini gabatlap, paıtagtdan ıörite geldi. Ol öz klasdaşlarynyñ arkasyna ıük urjak bolanok, olary gezelenje alyp çykjak bolıar: ıaz aıy – töwerek gül-gülälek, geliñ, düze çykyp, dynç alalyñ! Bolan-geçeni ıatlaşalyñ, okuwy gutaranymyza, birek-biregi görmänimize ençeme ıyllar geçdi… Emma bu sözleriñ täsiri ıetmedi. Gyzlar hakda-ha gürrüñem ıok – olar birçak kişi maşgalasy, onsoñ olardan tamañy üzäı. Türkmençilikde, durmuşa çykansoñ, gyzlaryñ öñki deñ-duşlary, klasdaşlary üçin hemişelik ıitdigi bil. Soñra olar bilen ine-gana gürleşäımersiñ, ıolda-yzda duşuanyñda baş atyşsañ, hal-ahwal soraşsañ, özüñi bagtly bil, şondan artyk zada garaşma, ençeme ıyl geçensoñ, olaryñ öz klasdaşlary bilen çöle gezelenje gitmejegi öñündenem belli. Mämmet nä muny bilmän durmy, paıtagtda ıaşasa-da, ol şu taıda, kiçeñräk şäherçede önüp-ösdi, adamlaryñ gylygyna-da daş ıany bilen belet. İöne çöle çykyp, üstünden çawlanan etiñ ıakymly ysy göterilıän oduñ başyna egele bolansoñlar, klasdaş gyzlaryñ gulaklary şañladyldy. İöne indi gürrüñ okuwçy döwürlerindäki ıaly, gyzlaryñ üstünde uzak eglenmedi, derrew başga ugurlara ıazdy. Ortada şatyrdap, çygar sazak ıanıar. Çybyk çişlere et düzülgi, ol oduñ üstünde gyrmyzy öwüsıär, öz-özünden herekete gelip, jyzyrdap, towlanıar. Mämmet öz klasdaşlarynda on ıyldan soñ bolup geçen özgerişleri anyk görjek bolup, ıene bir gezek çagalyk dostlaryna gabak astyndan göz aılady: Atajan bilen Ataşyñ ortasynda oturan – Berdiguly. Oturan ıeri – onuñ hemişeki ıeri… Çagalykdan bäri özüne wepaly iki «nökeriniñ» arasynda gomap otyr. Diımek, olaryñ gatnaşygynda şol öñki düzgün dowam edıän bolmaly... Berdiguly mekdepde okaıarkalar klaslarynda iñ deşlisidi, bir kemi inçe ıüzüni basmarlaıan gotanyñ çüñki ıaly burny diıäımeseñ, oña görmegeı ıigit diıseñem boljak. Geçen on ıyl hem onuñ ıüzünde artykmaç yz goımandyr. Onuñ ıanyndakly Atajan öz ıegre dostundan bolsa bir sere keltedir, görmegem onuñkydan pes däl. Okuwy gutaransoñlar, Ataşyñam boıy azda-kände ösüpdir, ıöne onuñ akylynyñ artandygyna Mämmet şübhelendi. Onuñ bar arzuwy tizräk mekdebi gutaryp, mugallymlaryñ iñirdisinden dynyp, sürüji bolmakdy. Ol öz arzuwyna ıetipdir, ıük maşynyny sürıär. Eger-de onuñ enesi-atasy girdenek bolmadyk bolsalar, belki-de, ol Berdigulydan hem daıanykly bolup bilerdi, emma «serçe semräp, batman bolmaz» diıleni, ähli zat tohum yzarlaıar... Ol ikisi öz boılarynyñ, göwreleriniñ çagalyk serdarlarynyñky bilen deñleşeñkirländigini duımaıan bolarly, Berdigulynyñ öñünde ıaıaplaıandyklary bildirıär. Eıse, olar wagtyñ öz peıdalaryna işländigini añşyrmaıarlarmyka? Belki, olar ozal onuñ güıjüne boıun egen bolsalar, indi wezipesine boıun egıändirler?.. Çetde Rejepgeldi otyr. Ol hiç haçanam artykmaç içmezdi, häzirem «dinine» berk, içgili bulgura eli seırek uzaıar. Belki, dokuzynjy klasdan bäri motor sürıänligi oña içgiden ägä bolmagy öwredendir. Rejepgeldiniñ hojalykçy adam bolup ıetişjekdigi mekdepde okaıarkalar hem bellidi. Ol her bir işde kakasynyñ sözünden çykmazdy. Kakasynyñ sözüni ıykman, özünden iki ıaş uly goñşy gyza öılendi, kakasynyñ diıenini edip, ıigit çykansoñ, özüni söwda urdy. Söwdagär kakasy eıse oña başga nähili hünär saılap bersin? Rejepgeldiniñ durmuşynda-da, dünıägaraışynda-da haısydyr bir düıpli özgerişlik bolana meñzänok, bu onuñ daşyndanam görnüp dur. Ol, hemişekisi ıaly, öz çagalyk dostlaryna azajyk gedemlik, azajyk göwnüıetmezçilik bilen garap, bir çetde, çägäni tirsekläp, böwrüni diñläp ıatyr. Belki, edil häzirem kakasy onuñ içinde oturyp, her bir hereketini öñünden salgy berıändir?.. Aragyñ sakasynda Begenç otyr, onuñ bir gapdalynda Anna, beılesinde – Çary. – Beh, entek ıer sowuk görünıär – diıip, çägä ıazylan palasyñ üstünde gyşaryp ıatan Çary dik oturdy. Anna-da onuñ hereketini gaıtalady. Anna gyşarsa, Çary-da gyşarıar, tursa, ol hem turıar. Bu ikisi, edil ekiztaıy ıaly, biri-biriniñ hereketini gaıtalaıarlar. Eger aralarynda Begenç bolmasa, onda olara Anna-Çary diıägede, bir at dakaısa-da boljakdy. Beıle meñzeş adamlara iki at zaıalap ıörmek nämä gerek? Mämmet bu gün klasdaşlaryny ıöne ıere çöle alyp çykmady. Onuñ ıüregine düwen zady bar, emma entek ony aıtmaga gyssananok. Howluksa, baryny bulaşdyrmagy ahmal. Esasy zat – öz etjek işiñ dogrudygyna ynanmaly. Ynanmaly hem-de ony dogry amala aşyrmaly. Ol öz göwnüne düwen pikirini soñky gezek saldarlap görıän dek, Berdigulyny gabak astyndan boıdan-başa synlap çykdy… Mämmet indi ondan asla çekinenok. Dogrusy, ol on ıyl mundan öñem ondan çekinip duranokdy. Berdigulynyñ gazabynyñ hemişe onuñ depesinde bolanlygy şonuñ üçündi. Mämmet bir ajy hakykata hut şol döwürde, entek mekdep okuwçysyka düşünipdi: bu dünıede bir geçilmejek günä bar, olam – garaşsyzlyk. Şol wagtam, häzirem Mämmet üçin şahsy garaşsyzlyk hemme zatdan ileridi. Bu gylygy zerarly ol mekdep ıyllarynda-da, soñam kän kötek iımeli bolupdy, ıöne ol hiç haçan öz saılan ıolundan dänmedi, indem dänmez. Boıunegmezekligi üçin ony dürli döwürlerde dürli adamlar ıekiripdiler. Olaryñ käbiri açyk çaknyşyk bolsa, käbiri görer gözden gizligindi. Meselem, Berdigulynyñ özi hiç haçan Mämmet bilen gyzyl ıumruga girmändi. Ol Mämmediñ üstüne hemişe öz nökerlerini küşgürerdi. Bäşinji klasda okaıarkalar Berdiguly onuñ üstüne köplenç Ataşy küşgürerdi. Mämmet Ataşdan goranyp, ıumruklaşmany öwrendi. Öwrenmese nätsin: Berdiguly oña kimiñ gulagyny elle diıse, Ataş şonuñ üstüne gözi ıok ıaly bolup topulardy… Geñ ıeri, gulagy ellenıänleriñ arasynda muña gahary gelıän azdy, birnäçesi soñabaka: ”Ataş, gel, meñ gulagymy elle!” diıip, onuñ üstünden gülerdiler. ”Düınden bäri meñ gulagymy elläñok!” diıip, oña azar bererdiler. Emma nämüçindir Mämmede bu oıun ıaramazdy, ol Ataşy Berdigulynyñ masgarabazy hasaplap, oña öz gulagyny elletmegi-de namys diıip düşünerdi. Şol sebäpdenem oña kyn bolardy, ol öz üstüne küşgürilıän oınatgydan goranmaly bolardy. Elbetde, Berdiguly Mämmediñ üstüne beıleki oglanlary-da küşgürip görüpdi, ıöne olar bilen çaknyşyk uzaga çekmändi. Entek üçünji klasda okaıarkalar berdiguly onuñ üstüne bir gezek Jelili küşgürdi. Olar okuwdan soñ baglykda tutluşdylar. Şonda Jelil Mämmediñ elinden zordan sypdy. Jelil şondan soñ oña hiç haçan topulmady, gaıta ol Mämmet bilen hemişelik dostlaşdy. Bu dostluk Jeliller şäherçeden göçüp gidıänçäler bozulmady. Berdiguly Myrady onuñ üstüne küşgürende-de, bu çaknyşyk Myrat bilen Mämmediñ dostlaşmagy bilen gutardy. Emma bu her gezekde beıle bolup duranokdy; oglanlaryñ käbiri bilen bolan çaknyşyklar soñra dowamly garşylyga ıazypdy… Şol garşylyklaryñ käbiri häzire bu güne çenli hem ıitip gitmändi. Mämmet ıerinden tutup, töwregine göz aılady: ıaza gark bolup ıatan çöl. Töwregi görmäge göz gerek! Gyzyl gülälekler çogmak-çogmak. Töwerekden ıüz dürli ot-çöpüñ, gülleriñ garyşyk yslary göterilıär. Eginlerini silkende, ıaş ıigit olaryñ saldamyny duıdy. Gabak astyndan Berdigula göz aılap, onuñ eginleriniñ gysbydygyny gördi. Wagt Mammediñ peıdasyna işläpdir… Mämmet onuñ beıleräkde duran gyzyl «Jigulisine» seretdi. Köpmanyly gülümsiredi. Gyzdyrylan tamdyr çöregine oda daglanan taze et basylanda göterilıän ys täze gülleriñ ysyna goşulyp, arassa howada işilip, ıokary göterildi. Oglanlaryñ işdäsi açylyp, olar oda golaı süışüşdiler. Oglanlaryñ arasynda yzly-yzyna üzüm çakyry aılandy. Kelleler sämedi. Begençden sakylygy almaly boldy: onuñ edebi azalyp, sögünçli sözleri ulanyp ugranda, oña ”dynjyñy al” diıdiler. Çakyryñ sakasyna Anna bilen Çary geçdiler, elinden ”emeli” giden Begenç Mämmede igendi: – Iki paıtagtda okabam arak içmäni öwrenmediñmi? Aı, sen-ä pañkelle ekeniñ! Mämmet çalarak ıylgyrdy, kellesi sämän klasdaşy bilen bir söz üçin dikleşmegi özüne uslyp bilmedi. Parahat jogap gaıtardy: – Öwrenmedim-dä, nädeıin? – Öwrenmeli ekeniñ-dä! Nä indi okanyñ bilen hemme iş bitıändir öıtdüñmi? Biziñ ıanymyza gelseñ, öwrederdik-dä, señ ol professorlañ öwredip bilmedik zadyny. Garaşylman durka, Berdiguly ara goşuldy: – Aı, muña oka diıseñ... Berdiguly pursat araıar. Nämüçindir, onuñ sesinde ıaıaplama äheñi çawup gitdi, hiç kes añmasa-da, Mämmet muny bada-bat duıdy. Içini gepletdi: şeıle-de bolaımaly-da, gidere ıeri nire?! Ol az-owlak kanagatlandy. Özüne gelişmejek gowşaklyga ıol berendigini Berdiguly-da bildi. Töweregine assyrynlyk bilen göz aılady, hamana oturan ıerine suw çykan ıaly, birahat gobsunjyrady. Onuñ biljek bolıan zady – öz sesindäki üıtgeşikligi oglanlardan duıany barmy ıa-da ıok, ana, şoldy. Görnüşne görä, duıan ıok. Diımek, arak beınilere ıetipdir. Dimek, hemme zat ıerbe-ıer. Berdiguly ıokary okuwy tamamlap, öz şäherçelerine işe gelensoñ, öz abraıyny ıokary götermek üçin alada edıärdi. Mekdep ıyllaryndan bäri Oglanlaryñ arasynda saklanyp gelıän ”serkerdelik” roluny ol bu gün ol il arasynda has giñden ykrar etdirmek, ony-da öz wezipesini ösdürmek üçin peıdalanmak isleıärdi. Şonuñ üçinem onuñ paıtagtdan birki günlük gezmäge gelen Mämmediñ öñünde öz döwüniñ pesdigini, az-owlak ıöwselleıändigini öz hemişelik nökerlerine bildiresi gelenokdy. Mämmediñ özüni göz astyna alıanlygyny ol añıar. Gowulyga garaşanok. Çöle gaıdanyna-da ökünmek ökünıär, içinden özüne gargaıar, emma indi giç. Etmeli zat – bu taıdan abraı bilen yzyña dolanjak bolmaly. Memmediñ gylygy geñ del. Belki, ol Berdigulynyñ hiç kimdigini subut etmek üçin oglanlary çöle alyp gaıdandyr? Mämmediñ özüni tutuşy muny tassyklaman hem duranokdy. Onuñ soñky sözleri Berdigulyny iñkisie batyrdy: – Oglanlar! Siziñ orta mekdepden «ähtimallyk teoriıasy» ıadyñyza düşıärmi? Oduñ başyndan üzlem-saplam gowur çykdy: – O nä teoriıa? – Iıilıän zatmy, içilıän zat? – Aı, goısan-aı, senem! Şu gün bir goı how ol gürrüñleri! Çölüñ içinde teoriıa nä görgi! – Hemmäniñ pikirini birlikde añladıan görnüşde Begenç elini salgady. İöne Mämmet özüniñkini tutdy: – İok. Çynjañyzy aıdyñ! Düşıämi ıa-da düşenok? Ony biz mekdepde geçipdik. Ähtimallyk teoriıasy – durmuşdaky iñ gyzykly kanunlaryñ biri! – Goısana how, tioriıañy! Tañry gürrüñini tapsana! – Begenç oglanlara gözüni elek-çelek edip, Mämmediñ garşysyndan turdy: – Geliñ, bolmasa, klasdaş gyzlary paılaşalyñ ıene-de mekdepdäki ıaly! Az wagt ıüzüni sallan Mämmet, soñra Begenji dikanlady: – Gyzlar birçak paılaşyldy. Olary gaıtadan paılaşjak bolsañ, bilıäñmi nähili goh turar?! Ikini islemez ıaly bolarsyñ, kişiñ bagtyna tokunanyñ – dat gününe! Olara indi ıanaşmandan gowusy ıokdur. Hany, aıdyñ, şol teoriıa kimiñ ıadyna düşıär? Oglanlar beıle erjellige garaşmandylar. Begenşiñ gepiniñ ıer almaıandygyny gördüler. Haıalçyradylar. Bu wagt olar mekdep ıyllarynda sapaga taıynlanman gelenlerinde, klasda düşıän oñaısyz ıagdaılaryna düşdüler. İeser ıeri, ol teoriıa hiç biriniñ ıadynda galmandyr. Berdigulynyñ pikiriçe, bu oturanlaryñ hiç biri ony mekdepde-de bilmändi. Belki, şonuñ üçindir, bu sorag Atajanyñ myrryhyny atlandyrdy. Ol gykylyk turuzdy: – Nämüçin biz ony bilmeli?! – Bu taıy nä mekdepmi? Namüçin biz dynç alman, kellämizi agyrdyp, mesele çözmeli? Hä? İa arak azmy? Az bolsa, aıdyñ, çölüñ içi bilen pyıadalap gidip getirmesem, atamyñ ogly bolmadygym! Mämmediñ bu sözlere gahary geldi: – Nä kelläñe agram salmak, pikirlenmek erbet zatmy? Kelle adama diñe telpek geımek üçin berilen däldir-ä! Nämüçin ony işletmeli däl? – Mämmediñ ıüzi akjardy, aıgytly jedelden öñ ıagdaıy biljek bolup, oglanlary gaıtadan birlaı gözden geçirdi. Soñam bu gürrüñi näme sebäpden gozgandygyny aıtdy: – Ähtimallyk teoriıasynyñ kanunyny ulanyp, birentek düşnüksiz zatlary düşündirip bolıar. Berdiguly garaşan pursatynyñ gelip, häzir Mämmediñ daşyna çyzyk çekmäge mümkinçilik dörejekdigini tilki mekirligi bilen añdy. Şonuñ üçinem sorag berdi: – Mysal üçin, haısy düşnüksiz zatlary? – Mysal üçin... – Mälmet sägindi. – Mysal üçin, şu gün biziñ çole çykmagymyzyñ düıp sebäbini bilip bolar: bu tötänlikmi ıa-da ıok? Berdiguly başardygyndan äwmezek äheñde jogap gaıtardy: – Kim bilıär, belki tötänlikdir, belki-de – däl, men, meselem, däldir diıjek… Mämmet onuñ bilen ylalaşmady: – Belki, tötänlikdir, sen nä bilıäñ? Berdiguly oña indi añsatlyk bilen garşy gitdi: – Nämüçin tötänlik bolmaly? Men şoña däldir diıjek. Atajan çägäni tirsekläp ıatyşyna bazzyldady: – Sebäbi biz klasdaş, onsoñ nädip tötänden bolsun? Mämmet oña: – İok, onuñ üçin däl. Bu sebäbiñ entek kanun dörederden ejiz – diıdi. – Onna oz-z nämüz-zin? – diıip, arak diline badak atıan Atajan gögeıin kimin wyzzyldady. Mämmet ıene töweregine göz aılap, azajyk ynjalyksyz jogap berdi: – Sebäbi biz öñem çöle çykypdyk. Şonuñ üçinem biziñ bilelikde çöle gezelenje çykmagymyzyñ ähtimallygy, elbetde, nola deñ däldi. Begenç närazy hüñürdedi: – Kelläni agyrdıañ-aı! – Diñlesene bir minut, sesiñi çykarman! – Rejepgeldi Mämmediñ agzyna añkardy. – Näme diıjek bolıanyny bir bileli-dä, how! Hany, sen ”mus-mus” diıme-de, ”Mustapa” geçsene! Mämmet ykjamlandy: – Ynha, men häzir şu taıagy hol tümmegiñ üstünde dikip gaıtjak. – Mämmet ıeñillik bilen ıerinden gopup, baryp, gol boıy taıagy 20–30 ädimlikdäki depäniñ üstünde dikip, gaıdyşyn ıene bir şonuñ ıaly taıagy barligine alyp gaıtdy. – Indi serediñ! – diıip, ol boşan hem gowuz çüışeleriñ daşyna aılanyp ıatan klasdaşlarynyñ üstlerine abandy. – Seredin! Şu taıagy men şol dikilgi taıakdan aılap salsam, degermi ıa-da degmez? – Deger! – Degmez! – Göni zyñsañ, deger, ıogsa-da degmez. – -Degende nä, degmän-de nä, bize bildirıän zat ıok. Hany, guı gaıta, götereliñ ıene bir gezek howa gaty gyzmanka! Mämmet elinde taıagy saldarlap, ıeser gülümsiredi. – Ähtimällyk teoriıasy bu hakda hiç zat diıenok. Degerem diıenok, degmezem. Ol: meniñ zyñjak taıagymyñ dikilgi taıaga degmeginiñ ähtimallygy nola deñ diııär. Has uly bir zada garaşansoñlar, bu söz içgili oglanlary kanagatlandyrmady. Köpçüligiñ bu pikirini Begenç ıüze çykardy: – İeri, onsoñ, bary aıtjak zadyñam şumudy, häliden bäri kelläni agyrdyp? – İok, bu entek hemmesi däl. Yzyna gulak asyñ! Ynha, men birinji gezek zyñıan-da, taıagy nyşana degirıän. – Ol elindäki taıagy aılap saldy, ol baryp nyşana şarkyldap degende, dikilgi taıak ıykyldy. – Berekella! Urduñ-ow! – diıip, Begenç gabakman gözlerini çerreldip, şowhun turuzdy. Mämmet gidip, nyşanany täzeden dikip, ıene oglanlaryñ ıanyna gaıdyp geldi: – Ine, indi men häzir ıene taıagy nyşanadan çenäp zyñmakçy. Bu gezek taıagyñ nyşana degmek ähtimallygy birinji gezekkiden artyk. Mämmet bir gözüni ıumup, ykjam çenendi-de, dabaraly seslendi: – Zyñıan. Serediñ! – taıak baryp nyşana degende, ol tüwdürilip gitdi. – Tüweleme! – diıip, klasdaşlarynyñ birki sanysy oña ıatan ıerlerinden gygyrdylar. – Teoriıañ-a erbet däl eken, şeıdip, birki sany towşan ıa keıigem urup beräıseñ, bu gün öıe gaıtmasagam boljak! Göwni göterilen Mämmet üçünji gezegem nyşanadan dogry urup, nyşanany çäge depesiniñ üstünde täzeden dikip, ıeñil ädimläp, yzyna gaıdyp geldi. Oglanlar onuñ agzyna añkardylar. Özüne ynamy artan Mämmet olara has dabaraly ıüzlendi: – Ine, indi men häzir bu taıagy dördünji gezek zyñamda, onuñ nyşana degmegi örän ıokary! Ähtimallyk teoriıasy şeı diııär. Berdiguly uşajyk içki howsalasyny basyp, ynamsyzlyk etdi: – A degmese nätjek? Men-ä degmez diıjek! Nyşanany bärräk süışürseñ-ä, deger, añyrrak süışürseñem – degmez. Bu taıda ahyrky netijä täsir etjek birnäçe zat bar. Nyşanany bärräk süışürseñ, Atajan ony çüışe bilenem ıykyp berer. Şeıle dälmi, Atajan? Içgiden keıpini köklän Atajanyñ jogaby içıakgyç çykdy: – İogza nä, dik bärräkde, küzuni çykazaıyn! Oñ üzin teoziıa nämä gezek?! Berdiguly indi has aıgytly gürledi: – Biz bu gezek taıak degmez diıjek! Mämmet oña gozüni alartdy: – A degse näme? Ähtimallyk teoriıasy boıunça ol tas hökman degäımeli. Berdiguly gep gaıtardy: – Bu dünıede hökman diıen zat bolmaz. – A birden degmedi-dä, şonda nä? Mämmediñ çeti gyzdy, şonuñ üçinem çalaja sandyrap ugrady. Ol muny taıagy atmaga çemelenende duıdy. Onsoñ has hem gaharly gürledi: – Bu taıda hangeçeniñ bazar söwdasy ıok «deger ıa degmez» diıip, arkan-ıüzin gaışyp, jedel edip oturar ıaly. Synagdan geçen kanunyñ gürrüñi edilıär! – Seniñ kanunyña kim düşünıär? Biz bir çöl adamsy… Begenç Berdigulyny ıeke goımaıyn diııän ıaly, teıeneli gep oklady. Atajanam samyrdap, olary goldady. Bu Mämmediñ has hem gaharyny getirdi. – Onda serediñ! – diıip, ol taıagy depesinde göterip, gygyryp diıen ıaly gürledi. – Häzir nyşana ıene bir gezek tüwdüriler. Ol gaharyna bäs gelip bilmän, taıagy nyşanadan çenäp, ozalkylardan has batly aılap saldy. Emma taıak endikli ugruny üıtgedip, nyşananyñ üstaşyry geçip gitdi. Nyşananyñ añyrsynda gum tozap gidende, Mämmediñ arkasynda agzybir çapak çalyndy. – Spektakl tamam! – diıip, Berdiguly dabara bilen mälim etdi. – Hany, oglanlar, bulgurlary dolduralyñ! Ähtimallyk teoriıasyndan bize, görşüñiz ıaly, çörek ıok. Bize anyk teoriıa gerek: guııarys we göterıäris, şeıle dälmi, oglanlar? – Ja-an saña! – diıip, keıpli pyıadalar onuñ sözlerini alyp göterdiler. – Şahyr aıtmyşlaıyn: Mollalar öwerler ol kyıamaty, Guısalar, bu ıagty jahan ıagşydyr! Mämmet bialaç hyrçyny dişläp, ahmyrly hüñürdedi: – Bu şowsuzlyk üçin ähtimallyk teoriıasy ıok bolanok. Diñe, indi taıagyñ nyşana degmek ähtimallygy ıene-de nola deñ – bolany şol, ıöne hemme zat öñki-öñküligine galıar. İöne indi Berdiguly pursaty elden bermedi: – Gepiñ tümmek ıeri, ol teoriıañ biziñ bu taılarymyzda bolanok! Mämmet oña açyk garşy çykdy: – Näme üçin bolanok? Biziñ şäherçämiz nä durmuşyñ kanunlaryna boıun egenokmy? Belki, fizikañ, himiıañ kanunlary-da bu taıda bolıan däldir onda? Berdiguly gaşyny çytdy: – Biziñ bu taılammyzda başgarak kanunlar ıöreıär. Mekdepde öwrenilıän zatlar – çagalar üçin, a biz indi çaga däl, maşgalaly adamlar, özümiz çaga ekläp ıörüs. Mämediñ kellesi gyzdy: – Sen çaga ekleıäñ diıip, durmuşyñ kanunlary tersine ıöremelimi? Berdiguly hem bu gezek sesini gataltdy: – Bes etsen-aı kelläni agyrtmañy! Señ şol kanunlañ bolmanda, aç öler-ow şu adamlar?! Mämmet gidip, taıagy getirdi-de, oglanlaryñ gapdalyna oklady, soñam Berdigula jabjyndy: – Seniñ nä kellañ şu adamlaryñkydan üitgeşikmi? Näüçin ol ıöne agyrjak bolup dur? Berdigulynyñam gany gyzdy. On ıyllap bir saçagyñ başynda oturmadyk klasdaşlaryñ, şeıdip, añsatlyk bilen sözleri azaşdy, jedel jenjele ıazyp ugrady. – Sen ömür şeıdıäñ! – diıip, Berdiguly onuñ üstüne ıok günäni ıükledi. – Dogzydaz-aı – diıip, çüışedäki araklaryñ Güne gyzyp, çişdäki etleriñ sowap barıandygyna gynanyp oturan Begenç hem ahmyryny Mämmetden çykararly göründi. – Bizi çöle çykazyp, indem goh tuzuzıañ... Içeliñ-laı! Tioziıa diıdiñ gaıta, zat diıddiñ. Oglanlaryñ hemmesiniñ öz garşysyna örjügip ugrandyklaryny añan Mämmediñ içi ıandy. Şol sebäpden ol has beter gaharlanyp, diımesiz sözi diıenini bilmän galdy: – Akmak diıerler size bir topar! – içinden öz diıenine ökündi: «Beı diımeli däldim. Indi ählisi bir gulakdan gopar. Berdigula geregi-de şol, onuñ güni geldi...” Emma dilinden sypan söz ony alyp gaçdy. Ol özüniñ gyzmalyk edıänligini boıun almak islemedi: – Size bir topar gul diıerler! Gul! Gul baryñ – ol ıüzüni ak tam edip oturan Berdigula barmagyny çommaltdy – Bu oturanam – gul eıesi! Siziñ hemmäñiz şundan gorkıañyz, şunuñ dabanyny ıalaıañyz! On ıyl mundan öñem şeıeldi, häzirem üıtgän zat ıok: siziñ öñki gullugyñyz, öñki dullugyñyz! Berdiguly indi öz garşydaşynyñ gzölerine içıakgyç gülümsiräp garady: – Senem il ıaly bolarlar-da, klöpçülik birini sylasa, boıun bolsa, ıöne ıerden däldir. Sen bolsa, haısydyr bir toslama kanunlar bilen durmuşyñ iñ esasy kanunlarynynyñ garşysyna gitjek bolıañ. Olaram işlänok, asyl hiç wagt işlemezem! Sebäbi kitap başga – durmuş başga. Sen bu adamlary özüñden akmak saıma, her kimiñ akyly özüne ıetik. Bu şäherçede seniñ akylyña mätäç adam ıok! Mämmet entekler per bererli däldi, şonuñ üçinem ol paıtagtdan bärik ugranda hökman aıdaryn diıen sözlerini öz öñki klasdaşlaryna barybir aıtdy: – Düşüniñ, adamlar, sizi mekdepde gowy okatmadyk, eıdip-beıdip, size mydama päsgel beren, ine şu Berdiguly! Nämüçin siz şoña düşüneñzok? «Sapaga taııarlanyp gelen – heleı» diıen düzgüni girizen kimdi, ıadyñyzdamy? Kimdi şony tapan? Hä? Şu dälmidi? Sizem bir süri goıun ıaly şuña özüñizi aldadyp gezdiñiz. Soñra bu kakasynyñ puluna ıokary okuw jaıyny gutaryp, eline diplom alyp geldi, wezipe edindi. Siz nätdiñiz? Siz şol öñküligiñize galdyñyz! Bisowat galdyñyz! Nalajedeıin bir topar! Indi bu siziñ üstüñizden hojaıyn, iñ gowy maşynlary münüp, eljiräp ıör, köşk ıaly öıi bar. Sizde näme bar? Diñe ölmez-ödi gazanar ıaly mydar, mydama garaıaga bulaşyp ıörsüñiz! Begeñjiñ gabakman gozleri adatdakysyndan has giñeldi, ıaldyrap ıandy. Ol hemmeden öñürti hasanaklap, ıerinden turdy: – Maşyn Annada-da bar, Çaryda-da, menem basym aljak bolup ıörün, ıene birazajyk pul tapsam – bolany. Mämmet Begenjiñ depesinden garady. Ony dükanyñ tekjesiniñ añyrsynda, özüni-de bärisinde diıip, göz öñüne getirdi. Begenjiñ sesi gataldygyça inçelıärdi: – Menem ulag edinıän basym, täze jaıam bolar soñ. İene birki müñ galdy, ony karz alsamam bolar, ıöne özüm gazanjak bolıan, Berdiguly azajyk goldasa, kynçylygy ıok… – Şu erde ol gowrümine geñeşdi, sesini peseltdi, başyny aşak saldy: – Işden soñ kireı edip, şeıdip pul ıygnasañam bolıar. Hemme kişem şeıdıär – soñ onuñ sesi ıene inçeldi: – Garaıaga biz özümiz bulaşıas, nä Berdiguly bize bulaş diııämi? Pul gazanjak bolsañ, senem bulaşarsyñ! – Bulaşman! – Mämmet gahar-gazap bilen gygyrdy. – Bulaşman! Näme üçin bulaşsamam, pul üçin bulaşman. Atajan Begenjiñ sözüniñ üstüni ıetirdi: – Biz bulaşzak, biziñ bulasazymyz gelıä, señ nä iziñ? Berdiguly iñ anyk urgyny urup, Mämmediñ agzyny açdyrdy: – Nä garaıaga bulaşan adam dälmi? Özüñden öññäni samsykdyr öıdıäñ! Bu adamlar nä seniñ bilıäniñi bilıän däldir öıdıäñmi, işläñde nä gowy wezipede? Bu adamlar indi seniñ boş gepiñe aldanar ıaly çaga däl! Mämmet hut içini tutdy. Sebäbi edil şu sözleri ol Berdigulynyñ özüne diımekçidi. Bu hakykaty oglanlaryñ gözüniñ alnynda onuñ ıüzüne bazyrdadyp basyp, öz klasdaşlarynyñ paıhasynyñ durlanmagyna kömek etjekdi, olary Berdigulynyñ ıylan jadysyndan boşatjakdy. Emma, ynha, hemmesi tersine boldy duruberdi… İagdaıy doly öz eline alan Berdiguly oglanlary öjükdirdi: – Sende bar kelle ilde ıokdur öıdıäñmi, Mämmet? Nämüçin sen bize akyl öwretjek bolıañ? Mämmet dodagyny dişläp, ahmyr bilen başyny ıaıkady. Onuñ bu görıän zatlary üçin Berdigulynyñ üstüne ıumruklaryny düwüp, topulasy geldi. Belki, Berdigulyny urup görkezse, şonda oglanlar onuñ jadysyndan halas bolarlar? İöne bu boljak zat däldi, ”uruşmak – ite ıagşy!” diıip, ol içini gepletdi. Soñambaşga bir garaşylmadyk öwrüm tapdy: – Bolıar, geliñ, goıalyñ onda bu gürrüñi! Anna, Çary guıuñ ıene bir gezekden! – Häliden şeı diıdä, how! – diışip, oglanlaryñ käbirinden ylalaşyjy ses çykdy. Az wagtdan oglanlar demlerinden düşüşdiler, ıene-de özara gürrüñler ıola düşdi. Emma, entek jedeliñ soñlanmandygyny mälim edip, şol wagt Mämmet ıene-de ıerinden turdy. Bu gezek onuñ sypaty has aıgytlydy: – Berdiguly, ikimiz mekdepdekäk iki gezek ıakalaşdyk. Men seniñ güjükleññi üstüme küşgüreniñi hasap edemok. – Ol Atajan bilen Atyşyñ ıüzüne kinaıaly göz aılady. Olardan ses çykmady. Mämmet dowam etdi: – Şol ıakalaşygyñ ikisinde-de sen ökde geldiñ. Diımek, ähtimallyk teoriıasyna görä, üçünji gezekde seniñ ıeñmegiñ has-da ahmal. İöne men barybir häzir seniñ bilen bellisini etjek. – Ol onuñ üstüne abandy: – Tur ıeriñden! Berdiguly nämä garaşsa-da, beıle aıgytly öwrüme garaşmandy, şonuñ üçinem ol wagt utmak üçin eglendi, bir ıerde gaıraty bolsa jemlemäge synandy. Bu wagt Begenç oña kömege ıetişdi. Dostunyñ ıadyna düşmejek delilini orta atdy: – Berdigula uruşmak bolanok. Ol köriçege boldy. Mämmet aljyraññy sorady: – Haçan? – Geçen ıyl şu günler. Memmet ynamsyz dillendi: – Ondan bahana bolmaz. Bir ıyl kän wagt, bir ıylda ıara bitıär. Na indi şonuñ üçin uruşmasynmy? Begenç entirekläp, ıerinden turdy: – Bolanok diıildimi – bolanok. Berdigulyñ deregine men uruşjak señ bilen, soragyñ barmy? Atajan oglanlykdan galan gylygyna gör, uzyn ellerini sallap, entirekläp geldi-de, Mämmediñ alkymyna dykyldy, Begenjiñ ıanyndan at goşdy: – Sen bizi äsgezeñok! Kim güzük? Memmet dyñzap gelen gaharyny içine sygdyryp bilmän, janyndan syzdyryp gygyrdy: – Sen güjük! Boıuñ bilen güjük! Senem, Atyşam üıtgemänsiñiz, siz Berdigulyñ dabanyny ıalaıañyz! Mämmediñ ähli göreni-eşideni püçege çykdy. Ol edil mekdep ıyllaryndaky ıaly gyzmalyk etdi, şonuñ üçinem ıene-de ıeke galdy. Göräımäge, mekdep ıyllaryndan bäri är ömri geçip, dünıeler üıtgäpdi, ıöne welin, onuñ klasdaşlary üıtgemändirler. Rejepgeldi ıakalaşygyñ boljagyny gören badyna, hemişekisi ıaly, derrew gyra çekildi. Onuñ: – Biderek zat üçin uruş nämä gerek? – diımesi diñe sypaıçylykdy. ”Men urşa goşuljak däl” diıdigidi. İogsa, ol adalatyñ tarapyny tutsa, ozalam, häzirem Berdigula beıleki oglanlary agzyna bakdyrmak kyn boljakdy. Emma Rejepgeldi hiç haçan adalatyñ arkasyny tutmazdy, ol diñe özüni bilerdi. Onuñ şol gylygy hem, düşünseñ, mydama Berdigulynyñ peıdasynady. Kakasy oña bir gezek ıetginjekkä şeıle sargapdyr: ”Öz ıakañdan tutulmasa, adama degme. Urşulıan ıerde görünme!” Rejepgeldi atasynyñ bu sözünden çykanokdy. Göwresi daıaw bolansoñ, onuñ öz ıakasyndan hem tutıan ıok, olam ile degenok. Onsoñ atasynyñ sargydy älemde Üçünji jahan urşy turaımasa, bozuljaga meñzänokdy. Ine, häzirem ol öz gozakly motorynyñ ıanyna bardy-da bärisine öwrülip: – Men-ä gidıän! – diıdi. – Oturlyşygyñyzam gördük. Mämmediñ bokurdagy doldy. Ol Atajandyr Atyşyñ arasyndan zymdyrlyp geçdide, baryp, Berdigulynyñ ıakasyndan ebşitlap tutdy: – Tur ıeriñden! Tur, şu zatlañ hemmesiniñ günäkäri sen! Nämüçin oıkanyp otyrsyñ? Eıse, sen dälmi bu oglanlary betbagt eden?! Bular entegem seniñ jadyñdan çykyp bilmändirler. Tur, men seniñ bilen güıç synanyşjak! Eger men ıeñsem, sen bulary gulçulykdan azat edersiñ, men ıeñilsemem… Berdiguly içıakgyç gülümsiredi: – Onda senem meniñ gulum bolarsyñ! – Göwnüñ pohuny iıipdir! Tur ıeriñden, miltiñ bar bolsa, men seniñ gözüñe görkezeıin! Şondan soñky wakalar Mämmediñ hyıalynda kän gezek gaıtalan görnüşiniñ tersine boldy. Öñden göz öñüne getirişine görä, ol sandyrap duran Berdiguly özüni dürsemäge ıetişmänkä ıençmäge başlamalydy. Emma Atajan bilen Atyş onuñ elllerinden asylyp, şatyrdadyp, arkasyna gañyrdylar. Mämmet ahmyr bilen öñe dyzady. Haıbat atdy, ıalbardy – peıdasy ıok, ony butnatmadylar. İüzi ak tam bolan Berdiguly maşynyny otlamak bilen boldy. Begenç sögünjiräp, zatlary ıygnaşdyryp ıören Anna bilen Çara kömekleşip ugrady. Maşyna hemme zat ıüklenenden soñ, Berdiguly yzyna dolanyp geldi-de, öz nökerlerine: – Dikräk saklañ! – diıdi. Soñra ol Mämmediñ emenjek çukurynyñ edil aşak ıany ıumruk bilen suñşurdy. Mämmediñ gözünden ot çykyp, demi içine doldy. Ol demini dürsände, oglanlar Mämmediñ bir özüni çölde goıup, tozan turzup arany açyp barıardylar. Bu wakadan soñ Berdigulynyñ ulagyna ”mün” diılende, nädip münjek? Rejepgeldiniñ bolsa, bireııäm garasy ıitdi. Klasdaşlary ony bu taıda arkaıyn taşlap gitdiler. Maşynyñ sesi ıitensoñ, häliden bäri beılesinde garalyp ıatan hinden atıalman çykdy. Ol aıagy duşakly ıaly ikiıana towsaklady. Mämmet çäge bilen reñkdeş jandara gözüni dikip, özüniñ kimdigine hem bu çölde näme sebäpden ıeke galandygyna düşünjek boldy. Atıalmanyñ ondan ätiıaç edıändigi görnüp durdy, ıogsa ol iımit galyndylaryna golaılaşmaga höwes edıärdi. Mämmet saçak ıazylan ıere göz aılady: çüışeleriñ arasynda diñe biri dikgerıär. Açylan balyk konserviniñ üstüne siñekler üışüpdir, zazak çybyklaryna düzülen çişlige ıuwaşjadan gum syraıar. Berdigulynyñ «Jigulisiniñ» yzyndaky tozan birçak ıatdy, ıöne arassa çägäniñ üstünde tekerleriñ yzlary bildirıär. Mämmediñ ıene añyrsy joşup ugrady. Ol dyñzap gelen gaharyny saklap bilmän, bar güıjüni jemläp, gygyrdy: – Gullar! Ähliñiz gul! – onuñ gözıaşa garyşyp çykıan ahmyrly sesini lagar düşen düıe ıaly töwereginde çöküşipp oturan çäge depeleri diñläp, parhsyz ıuwudyp ıatyrdylar. – Gullar! Gul baryñyz! Binamys gullara siz! Haçan siz ile meñzejek? Mämmet şeıle bir jan edip gygyrıardy welin, soñabaka onuñ zarbyna çydaman, çäge depeleri ıerinden gozganjak ıaly boluberdiler... İedi çakrym töwerekde adam galmandygy gowy zat, ıogsa bu aıyplamalary eşidip, ıene kimdir biriniñ ony özüne çekmegi ahmaldy. Aslynda Mämmet bu wagt öz sesini gulagyna gara keçe dykylmadyklaryñ hemmesi eşitsin diııän ıalydy: – Gulla-ar! Ähliñiz gul. Binamys gullar! Gözüñizi açyp, serediñ-ä töweregiñize! Burnuñyzdan añyrragyny görjek boluñ-a sizem! İogsa, basym deregiñiz dagaıa-a-ar! Mämmet entegem gygyrjak durjakdy welin, basym onuñ sesi gyryldy. Onsoñ ol bar güıjüni jemläp, iñ soñky gezek bokurdagyna agram saldy: – Haçana çenli bir gurrumsagy depäñizde göterjek ıörjek, adamlar! Sizem adam-a! Giden bir millet-ä sizem!.. Men siz üçin taıak iımäge taııar, ıöne sizem öz paıyñyzdan ıüz öwürmäñ-dä! İumrugam, taıagam gulçulykdan erbet gorkunç däl-ä! Mämmet ahmyr bilen bokurdagyny tutdy. Iñledi. Şondan soñ onuñ gygyrmaga gurbaty galmady. Bolaıanda-da ol başga näme diısin? Ymgyr çölüñ içinde gygyrdyñ nä, gygyrmadyñ nä? Öñde-de biriniñ: «Isgenderiñ kellesinde şahy bar!» diıip, gurruk guıa gygyryşy dek. Wessalam! *** |